Annotasiýa Türkmen dil biliminiň iň möhüm ugurlarynyň biri bolan Türkmen frazeografiýasynyň nazary esaslary we frazeologiki sözlükleri düzmek däbi häzirki döwürde hem doly we hemmetaraplaýyn öwrenilmän gelýän meseleleriň biridir. Türkmen frazeografiýasynyň taryhynda düýpli öwrülişik bolan, özünde üç müňden gowrak frazeologik birligi jemleýän ilkinji uly göwrümli frazeologik sözlük 1976-njy ýylda neşir edildi. Bu neşir, türkmen frazeograflarynyň bu ugurdaky ilkinji tejribesi bolup, öz döwrüniň ylmy talaplaryna görä möhüm bir gollanmadyr. Elbetde, ilkinji tejribe bolandygy sebäpli, bu sözlügiň hem özüne mahsus artykmaçlyklary we amaly-teoretiki kemçilikleri bar. Sözlügiň iň uly artykmaçlygy, türkmen diliniň baý frazeologik gatlagyny ylmy esasda tertibe salmagy we bu ugurda işleýän hünärmenler, edebiýatçylar hem-de terjimeçiler üçin ygtybarly çeşme hökmünde hyzmat etmegidir. Emma, sözlügiň madda gurluşynda (slovarnaya statya) duş gelýän kemçilikler, şol döwürde türkmen frazeologiýasynyň teoretiki ösüşiniň entek kanagatlanarsyz derejededigini, frazeologik birlikleriň klassifikasiýasy we düşündiriş usullary baradaky ylmy garaýyşlaryň kämilleşmeginiň zerurdygyny subut edýär. Bu işde sözlügiň madda gurluşy, baş sözüň saýlanyp alnyşy we illýustrasiýa (mysallar) bölümi häzirki zaman leksikografik kadalary esasynda seljerilýär. Açar sözler: Türkmen frazeografiýasy, madda gurluşy, baş söz, frazeologik kesgitleme, stilistik belgiler, glossa, illýustrasiýa, leksikografik usullar.
| Mualliflar | Narbibiş ŞAMMAÝEWA |
|---|---|
| Jurnal | Туркологик тадқиқотлар |
| Nashr sanasi | 2026-03-27 |
| Til | tk |
| DOI | 10.5281/zenodo.19709357 |
DOI: 10.5281/zenodo.19709357 · Maqolaning asl sahifasi
Аннотация Статья посвящена роли тюркских языков как посредников в заимствовании исламской религиозной лексики в русский язык. На основе исторического анализа периодов (домонгольский, Золотая Орда, Османская империя) и…

Аннотация В данной статье, посвящённой насущным проблемам переводоведения, в частности искусству перевода арабских текстов на узбекский и русский языки, глубоко и всесторонне анализируются основные подходы к переводу на…
Annotatsiya Ushbu maqolada turk xalqlari maqollarida uchraydigan zoonimlarning lingvokulturologik, kognitiv va aksiologik xususiyatlari o‘rganiladi. Tadqiqotda hayvon nomlari oddiy metafora emas, balki turk etnosining…
Аннотация Статья посвящена системному анализу научной деятельности и вклада в тюркологию одного из ведущих представителей современной тюркологической науки –Игоря Валентиновича Кормушина. Рассматриваются основные этапы…
Annotatsiya Sheva hamda dialektlar adabiy tilni boyituvchi manbadir. Sheva hududiy chegaralangan so‘zlardir. Lahja esa bir-biriga yaqin bo‘lgan shevalar yig‘indisidir. Dialekt termini esa sheva hamda lahjaga nisbatan…
Annotatsiya Maqolada turkiy tillardagi lug‘aviy birliklarning milliy tafakkurni aks ettirish hamda axborot uzatishdagi funksional-semantik xususiyatlari tahlil qilingan. Leksema semantikasi doirasida semema va semalar…
Аннотация Статья посвящена анализу сведений Махмуда Кашгари о тюркских диалектах XI века, представленных в его фундаментальном труде «Диван лугат ат-турк». Особое внимание уделяется интерпретации понятия «тюркский язык»…